Lukmanlar ilkinji gezek adama printerde çap edilen gözi oturtdylar

  • 29.11.2021 02:01
  • 11k+

Londondaky Murfilds oftalmologiýa klinikasy ilkinji gezek adama 3D-printerinde çap edilen göz oturyldandygyny mälim etdi. Bu barada CNN-e salgylanyp, pcnews.ru habar berdi.

Operasiýa 47 ýaşly inžener Stiw Wýorzyň çep gözünde geçirildi. Bu proteziň näsag üçin döredilen ilkinji doly sanly göz protezidigi bellenilýär. Ol beýleki protezlere garanyňda, hakykata has ýakyn görünýär.
Mundan başga-da, 3D printerden peýdalanylmagy proteziň has ynandyryjy çykmagyna ýardam edýär. Adaty protezi döretmek üçin gözüň hanasynyň nusgasy zerur bolup durýar. 3D usulda çap etmek üçin gözüň hanasy sanly skanerden geçirilýär.
Elbetde, beýle protez görüşi dikeldip bilmeýär, ýöne beýlekilerden has gowy görünýär. Munuň netijesinde, esasan-da, hassa özüni has rahat duýýar.


düýn 23:10
1.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

08.05.2026 22:15
7.4k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....

06.05.2026 06:35
3.3k+

Gen terapiýasy dogabitdi ker näsaglaryň 90%-inde eşidişi dikeltdi

Häzirki güne çenli geçirilen iň dowamly barlagda eksperimental gen terapiýasy dogabitdi ker näsaglaryň 90%-inde eşidişi dikeltdi. Nature žurnalynda çap edilen netijeler bu innowasion usulyň uzak möhlete......