Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV Sammiti Aşgabatda öz işine başlady

  • 28.11.2021 15:31
  • 3.4k+

Şu gün, 28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky 15-nji Sammiti öz işine başlady.

Türkmen paýtagtynda ýokary derejedäki bu duşuşyk Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Bu forum Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletara, sebit hem-de halkara düzümleriniň derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-nyň agzasy bolup, guramanyň agza döwletleriniň arasynda dürli pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, YHG-nyň dünýä derejesinde ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär.
TmCars.info-nyň öň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Merkezi banky Sammitiň geçirilmegi mynasybetli gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.


şu gün 00:27
797

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

düýn 15:58
4.8k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...

düýn 09:14
3k+

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we forum açylýar

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu waka mynasybetli çärä gatnaşyjylary gutlady diýip, TDH habar berýär...

düýn 08:01
6.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi...