Raisi: Türkmenistan we Eýran gaz şertnamalaryny gaýtadan dikelder

  • 28.11.2021 15:09
  • 6.1k+

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy bar bolan bökdençlikleri aradan aýryp, gaz ylalaşygyny gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada IRNA agentligi EYR-nyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

"Eksportyň artmagyny we ösüşi gazanmak üçin biz bökdençlikleri aradan aýyrmaly» diýip, eýran Lideri eýranly işewürler we telekeçiler bilen duşuşygynda belledi.

Ykdysadyýet babatda Hökümetiň bu günki gün esasy ileri tutýan ugry hökmünde Raisi ähli ulgamlarda, şol sanda ykdysadyýet we söwdada öňegidişlik gazanmagy göz öňünde tutýar.

"Ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin laýyk bolan ykdysady we söwda infrastruktura bar. Şonuň üçin hem biz söwdagärleriň we eksport edijileriň işini ýeňilleşdirip, bu ugurda tagallalary etmelidiris» - diýip, ol belledi.

Eýranyň Prezidentiniň şeýle hem belleýşi ýaly, Eýranyň ŞHG agza bolmagy sebitiň döwletleri bilen gatnaşyklary giňeltmäge oňyn ýardam eder.

Ýatlatsak, Eýranyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin resmi sapar bilen Aşgabada geldi.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....