Berdimuhamedow we Alwi Owganystany goldamak boýunça çäreleri maslahatlaşdylar

  • 28.11.2021 12:38
  • 5.6k+

Şenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Liderleri parahatçylyk we howpsuzlyk nukdaýnazardan sebitdäki ýagdaýlar boýunça pikir alyşdylar, Owganystandaky ykdysady we ynsanperwer ýagdaýlarda ünsi jemlediler.
Owganystanda durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagynyň sebitiň gülläp ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Iki ýurduň Liderleri umumy gyzyklanma bildirilýän meseleleriň ählisi boýunça aragatnaşyk saklamagy ylalaşdylar.
Pakistanyň Prezidenti türkmen kärdeşine myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi. Alwi şeýle hem türkmen Liderini ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady diýip, 
Express Tribune pakistan halkara gazeti habar berýär.
Awtomobil, demirýol we howa aragatnaşygynyň adamlaryň arasynda söwdany, syýahatçylygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenilip geçildi. Alwi TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagy babatda Pakistanyň goldawyny tassyklady we Berdimuhamedowy ýakyn wagtda Pakistana gelip görmäge çagyrdy.


şu gün 07:42
157

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......