Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana döwlet saparynda bolýar

  • 27.11.2021 06:45
  • 11k+

Şu gün — 27-nji noýabrda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana iki günlük döwlet sapary başlanýar. Bu barada 26-njy noýabrda geçirilen Hökümetiň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň fewralynda ýola goýlandygy bellenildi. Deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-türk hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagta çenli ikitaraplaýyn resminamalaryň 168-sine gol çekildi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär, şonda Bilelikdäki hökümetara toparyň işine ähmiýetli orun berilýär. Bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda ynsanperwer gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde degişli Maksatnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Türkmen Lideri hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


şu gün 07:42
149

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......