Daşkentde BMG-niň neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň täze Maksatnamasyna gol çekildi

  • 25.11.2021 08:39
  • 5.4k+

24-nji noýabrda Daşkent şäherinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy müdirliginiň Ýerine ýetiriji sekretary Geda Fathi Waliniň gatnaşmagynda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekmek hem-de ony işe girizmek dabarasy geçirildi. Onda Türkmenistanyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

TDIM-niň Metbugat gullugynda berilýän habara görä, bu sebitleýin maksatnamanyň hereket edip başlamagy sebitiň ýurtlarynyň hukuk goraýjy edaralarynyň korrupsiýa, adam söwdasyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek babatyndaky mümkinçilikleriniň has-da giňeldilmegine itergi berer.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda häzirki döwrüň kiberjenaýatçylyk, maglumat we biologik howpsuzlyga wehim abanmagy ýaly meselelere garşy göreşmek babatynda köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça-da işjeň pikir alyşmalar boldy. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça komissiýanyň agzasy bolmak bilen, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna barlyşyksyz göreşmek babatynda köptaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň çözülmegi ugrunda öz tagallalaryny yzygiderli dowam etmäge meýillidir. Şu nukdaýnazardan, Kiçi toparyň Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de garyşyk meseleler boýunça 55-nji mejlisiniň Türkmenistanda geçirilmegi boýunça teklip beýan edildi.


düýn 11:28
545

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
1.6k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

16.06.2026 19:44
2k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....