Berdimuhamedow ýangyç-energetika we ykdysadyýet meseleleri boýunça maslahat geçirdi

  • 25.11.2021 08:35
  • 6.8k+

24-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň netijelerine garamak, pudagyň ykdysady ýagdaýyna degişli meseleler boýunça maslahat geçirmek kararyna gelendigini aýtdy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz pudagyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny hem-de sanly ulgamy we halkara tejribäni ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň gazylyp alnyşyny hem-de daşyna iberilýän mukdaryny artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geologiýa-gözleg işlerini geçirmegiň depginini artdyrmak, nebitiň we gazyň hem-de beýleki tebigy baýlyklaryň ätiýaçlyklaryny netijeli ulanmak üçin degişli çäreleriň görülmelidigini nygtady. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet toplumynda işleriň ýagdaýy, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýum serişdelerini özleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Türkmen Lideri hasabaty diňläp, ykdysady durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagynyň, halk hojalygynyň pudaklary tarapyndan maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny aýtdy hem-de wise-premýere nebitgaz toplumyna degişli edaralaryň ykdysady durnuklylygyny gazanmak işini güýçlendirmek maksady bilen, anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra türkmen Lideri öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, degişli tabşyryklary berdi.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......