Berdimuhamedow we egindeşleri Olimpiýa şäherçesinde sport bilen meşgullandylar

  • 22.11.2021 00:14
  • 8.8k+

20-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow säher bilen irki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, egindeşleri bilen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy.

Türkmen Lideri şäherçäniň sport toplumynda oturdylan enjamlaryň birnäçesinde bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.
Soňra türkmen Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy.
Döwlet Baştutany özboluşly sport toplumly, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ähmiýetlidigini belleýär. Halkara ölçeglere doly laýyk gelýän toplumyň ähli desgalarynda dürli derejedäki ýaryşlary, şol sanda türgenleşikleri we köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmäge zerur şertler bar.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......