Nemes alymlary ýertudana tagamly kömelek ösdürip ýetişdirdiler

  • 21.11.2021 08:44
  • 6k+

Germaniýaly biohimikler tagamy we ysy ýertudanaňka meňzeş iýip bolýan kömelek ösdürip ýetişdirdiler. Bu barada Journal of Agricultural and Food Chemistry žurnalyna salgylanyp, nauka.tass.ru habar berdi.

Alymlar munuň üçin kömelegi smorodina şiresini öndürmekden galan galyndylarda ösdürdiler. Bu iş barada beýan edilýän makala ýokarda ady agzalan žurnalda çap edildi.

Bu kömelekler ösümlik biomassasyny dargadyp, içindäki üýtgäp durýan molekulalary siňdirip biler. Şeýle usul bilen biohimiýa kärhanalarynda malina, badam ýaly miwelere mahsus ys beriji wanilini we başga-da şoňa meňzeş köp maddalar öndürilýär.

Gisen uniwersitetiniň professory Holger Sornyň ýolbaşçylygyndaky biohimikler Hytaýyň adaty lukmançylygynda giňden ulanylýan Wolfiporia cocos görnüşli agaç kömelegini ýertudananyň ysyny emele getirýän molekulalary öndürmek üçin ulanyp boljakdygyny anykladylar. Alnan kömelekleriň tagamyna we ysyna baha bermek üçin alymlar dürli iýmitleriň ysyna hünär taýdan düşünýän on hünärmeni çagyrdylar. Olar kömelegiň ysynyň hakykatdanam ýertudana meňzeýändigini tassykladylar.


şu gün 20:00
116

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 19:44
84

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

şu gün 17:07
386

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......