Türkmenistanda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhana gurlar

  • 17.11.2021 18:39
  • 5.9k+

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakyndaky Karz ylalaşygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna ýokarda agzalan ylalaşygyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi. Şeýle hem resminama bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen degişli içerki Karz ylalaşygyny baglaşmak tabşyryldy.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň 16-njy noýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hasabat berip, bu resminamanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen Karz ylalaşygyna laýyklykda taýýarlanylandygyny aýtdy.

Soňky onýyllyklarda garyşyk dökünleri öndürmäge uly ähmiýet berildi diýip, türkmen Lideri belledi. Olaryň ykdysady taýdan bähbitliligi şol dökünlerde, iň azyndan, iki täsirli serişdeleriň bardygy bilen tapawutlanýar. Şunlukda, täze taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ep-esli ýokarlandyrmaga, ýeriň düzümini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......