12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleýji maslahaty geçiriler

  • 16.11.2021 09:06
  • 3.6k+

12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda ýokary derejeli halkara maslahat geçiriler. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça degişli Kararnamasy arkaly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň esasy wakalarynyň jemlenmesine öwrüler. Bu barada 15-nji noýabrda geçirilen iş maslahatynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.

Belli bolşy ýaly, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde birnäçe çäreler geçirildi. Şolar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň we milli Liderimiziň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň ykrarnamasyna öwrüldi. Häzir meýilleşdirilen halkara maslahatyň maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar hem-de onda kabul ediljek resminamalar degişli taraplar bilen ylalaşylýar. Olar ýakyn wagtda döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlener.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şanly sene mynasybetli geçiriljek halkara maslahatyň ähmiýetini belledi we wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu forumy, umuman, ähli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:14
890

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.5k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.2k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......