Ilon Mask Tesla markaly smartfon öndürip başlar

  • 16.11.2021 08:52
  • 10k+

Internetde Ilon Mask tarapyndan öndüriljek Tesla markaly smartfonyň ilkinji suratlary peýda boldy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Tesla Phone diýlip atlandyryljak bu smartfon ýörgünli burçly dizaýna we öňdebaryjy satyjylaryň enjamlaryndan pes bolmadyk flagman aýratynlyklaryna eýe bolar. Tesla Phone-da "görünmeýän kamera" bolar diýlip çaklanylýar - bu enjamyň şekilleriniň birinde "Invisible camera" ýazgysy bilen görkezilýär. Smartfon aňyrsy görünýän ýa-da garaňkyradylan görnüşde bolup bilýän elektrohromly aýna eýe bolar, şonda kamera onuň aşagynda hakykatdanam görünmez.

Mälim bolşy ýaly şeýle aýna eýýäm sport awtoulaglarynda ulanylýar we ol OnePlus Concept One smartfonynda hem görkezilipdi.

Smartfonyň aýratynlyklary barada aýtsak, Tesla Phone-yň Snapdragon 898 çipine esaslanýandygy, 4k ekran, esasysy 108 megapiksel datçikli üç sany arka kamerasy we 2 TB göwrüme çenli ýat bilen enjamlaşdyrylandygy habar berildi. Onuň bahasynyň näçeräk boljakdygy heniz mälim edilmedi.


düýn 11:38
2k+

Emeli aň az öwrenilen dillerde has gowy işläp başlady

Häzirki zaman emeli aň modelleri seýrek duş gelýän we az öwrenilen diller bilen işlemegi ep-esli gowulandyrdylar. Bu barada TechRadar neşiri RWS kompaniýasynyň geçiren barlagyna salgylanyp habar berýär....

düýn 08:07
1.6k+

ChatGPT ulanyjylaryny ýitirýär: olar Gemini we Claude-a geçýärler

Bäsdeşlik gurşawynyň güýçlenmegi bilen «ChatGPT» çat-botunyň meşhurlygy kem-kemden azalýar. Ulanyjylar emeli aňyň alternatiw hyzmatlary bolan «Gemini» we «Claude» ýaly platformalara geçip başladylar....

düýn 00:55
671

Intel turbo režimine geçdi: çärýeklik hasabatdan soň paýnamalar ýokary göterildi

Intel kompaniýasynyň paýnamalary söwda hepdesini rekord derejede 30% -e golaý ösüş bilen tamamlady we dotkom döwrüniň iň ýokary derejelerinden geçdi. Maýadarlar emeli aňyň integrasiýasynyň we täze baş direktor......

26.04.2026 18:12
1.7k+

Mask içinde Grok emeli aň oturdylan we doly şifrlemeli XChat messenjerini işe girizdi

Ilon Mask ýokary derejeli gizlinlige we Grok emeli aňa esaslanýan täze XChat messenjerini resmi taýdan tanyşdyrdy. Birnäçe gezek yza süýşürilenden soň, programma ahyrsoňy App Store-yň daşary ýurtdaky......