Türkmen biržasynda bahasy 29 milliondan gowrak 38 geleşik baglaşyldy

  • 15.11.2021 01:42
  • 4.4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.  Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 543 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Daşary ýurt puluna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ýangyç mazudyny, uçar hem-de yşyk kerosinini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri el halylaryny, float aýnasyny satyn aldylar. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bahasy 19 müň manatlykdan gowrak bolan el halylaryny satyn aldylar. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 30 million 625 müň manatlykdan gowrak bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, el halylaryny, pagta süýümini satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......