Türki geňeşiň Liderleri guramanyň täze Baş edarasynyň açylyşyna gatnaşdylar

  • 13.11.2021 09:25
  • 7k+

12-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen Lideri saparynyň başynda, ilki bilen, Türki geňeşiň Baş edara binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Onda gurama gatnaşyjy döwletleriň Liderleri türki dilli ýurtlaryň Döwlet baýdaklaryny galdyrmak dabarasyna gatnaşdylar.    

Ýokary derejeli myhmanlar binany açyp, türki dilli ýurtlaryň taryhy barada gürrüň berýän fotosergi bilen tanyşdylar. Soňra olar gämide Mermer deňzindäki şazadalaryň adalarynyň birine, Stambuldan günorta-gündogara uzaýan «Demokratiýa we azatlyk adasyna» ýol aldylar. «Katre Island» myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejede duşuşyk geçirildi. Bu barada TmCars.info aýratynlykda hem okyjylara maglumat ýetirer.


şu gün 00:03
451

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 22:19
1.1k+

Gyrgyzystan bikanun ýaşaýan daşary ýurtlular üçin jerimeleri wagtlaýyn ýatyrýar

Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 1-31-nji iýuly aralygynda migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn «ýaşyl koridor» dörediler. Bu hakyndaky degişli permana......

düýn 19:31
847

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......