2022-nji ýylda klimat boýunça konferensiýa Müsürde geçiriler

  • 13.11.2021 09:35
  • 4.1k+

2022-nji ýylda (COP27) BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasy Müsürde, 2023-nji ýylda (COP28) BAE-de geçiriler. Bu barada COP26-nyň başlygy we Britaniýanyň Ministrler kabinetiniň agzasy Alok Şarma salgylanyp, TASS habar berýär. Muny www.belta.by ýetirýär.

“Eger garşylyk ýok bolsa, onda şeýle karar berler” – diýip, Şarma aýtdy, şondan soň häzirki konferensiýanyň maksatnamasy kabul edildi. Onda “sebit toparlarynyň arasynda rotasiýa ýörelgelerini ulanmagy dowam etdirmek bilen, COP27-ni kabul etjek ýurduň Afrika döwletini, COP28-i kabul etjek ýurduň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletini görkezmelidigi” aýdylýar.

Şondan soň Müsüriň we BAE-niň dalaşgärligi hödürlendi we deslapky meýilnamada goldanyldy. Penşenbe güni bu karar tassyklandy.
BMG-niň klimat konferensiýasy Glazgoda 31-nji oktýabrdan bäri geçirilýär we 12-nji noýabrda tamamlanar. Onuň işine tas 200 döwletiň wekiliýetleri gatnaşýar.  


düýn 17:05
7.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

düýn 10:04
6.7k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

06.06.2026 11:47
8.9k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......