Berdimuhamedow: «Türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljegini biz bilelikde gurýarys»

  • 10.11.2021 17:24
  • 7.3k+

Türkiýeli žurnalist Ýusuf Erim bilen söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy köpasyrlyk taryhy, dostluk we doganlyk gatnaşyklary bolan döwletler bolup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar «Bir millet — iki döwlet» şygary bilen häsiýetlendirilýär. Siz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine nähili baha berýärsiňiz, geljekde edilmeli işler barada pikirleriňiz nämelerden ybarat? diýlip berlen ilkinji sowala türkmen Lideri, ine, şeýle jogap berdi.

Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklarymyz barada aýdanymyzda, biz hemişe bu ýurduň doganlyk häsiýetini belleýäris. Hut şu «doganlyk» sözi Garaşsyz döwletler hökmünde biziň gatnaşyklarymyzyň ilkibaşdan we häzirki günlerine çenli syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ulgamda, halkara giňişlikde tutuş ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Geçen asyryň ahyrynda türkmen döwletiniň emele geliş döwründe Türkiýäniň Türkmenistana beren goldawyny biz hiç wagt ýatdan çykarmarys. Türkiýe dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup biziň Garaşsyzlygymyzy ykrar etdi, Aşgabatda özüniň diplomatik wekilhanasyny açdy. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň ähli döwürlerinde Türkiýäniň goldawy aýratyn ähmiýetli boldy — diýmek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Rejep Taýyp Ärdoganyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşýan şahsy goşandy barada aýratyn nygtady.

«Gürleşenimizde men hemişe onuň Türkmenistana bolan aýratyn garaýşyny, hyzmatdaşlyga bolan üýtgewsiz taýýarlygyny duýýaryn. Aýrylmaz taryhy arabaglanyşyga, gatnaşyklarymyzyň şu günki maksatlarynyň we mümkinçilikleriniň umumylygyna, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine düşünip, türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljegini biz bile gurýarys» diýip türkmen Lideri sözüniň üstüni ýetirdi.


düýn 16:02
897

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......