R.Meredow türkiýeli kärdeşi bilen Türki geňeşiň sammitine taýýarlygy maslahatlaşdy

  • 10.11.2021 14:10
  • 4.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow türkiýeli kärdeşi Mewlýut Çawuşoglu bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türki geňeşiň 8-nji sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy. Sammiti 12-nji noýabrda Stambulda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada ORIENT türk habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berdi.

Türkmenistanyň sammite ilkinji gezek synçy derejesinde gatnaşar.
Türki geňeş (Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi) 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda esaslandyryldy. Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe guramanyň agzalarydyr. Wengriýa Geňeşe synçy derejesinde gatnaşýar.
12-nji noýabrda Stambulda guramanyň Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň kabul etjek sammitinde Türki geňeşde başlyklyk Azerbaýjandan Türkiýä geçiriler. Mundan başga-da, sammitde guramanyň adyny Türki dilli döwletleriň guramasy diýip üýtgetmek meýilleşdirilýär.


düýn 22:55
213

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......