Türkmenistanyň biržasynda bahasy 39 million dollardan gowrak 55 geleşik baglaşyldy

  • 08.11.2021 14:29
  • 4.4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 474 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerine jins matalary, nah ýüplük, float aýnasy ýerlenildi. Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Gazagystanyň telekeçileri jemi bahasy 21 million 525 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 408 müň manatdan gowrak bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gurluşyk nebit bitumyny, el haly işlerini satyn aldylar.


şu gün 15:48
990

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

düýn 19:38
4.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
4.1k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......