SpaceX Hindistanda golçur kärhanasyny döretdi

  • 04.11.2021 08:20
  • 5.1k+

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasynyň bölümçesi Starlink Hindistanda golçur kärhanasyny döretdi. Kompaniýa Hindistanyň hökümetinden rugsat alan ýagdaýynda 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan ýurtda hemra aragatnaşygy arkaly giň zolakly internet hyzmatlaryny hödürläp başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada “The Hindu” gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär.

“Men SpaceX-iň indi Hindistanda 100 göterim golçur kärhanasynyň bardygyny habar bermäge şat. Ol 2021-nji ýylyň 1-nji noýabrynda hasaba alyndy. Kompaniýa Starlink Satellite Communications Private Limited (SSCPL) diýlip atlandyrylýar. Indi biz ygtyýarnama üçin arza bermäge, bank hasaplaryny açmaga we ş.m başlap bilýäris” – diýip, gazet Hindistanda Starlink-iň sebit müdiri Sanjaý Bhargawyň sözlerini getirýär.

Onuň aýtmagyna görä, Starlink Hindistandan 5 müňden gowrak deslapky sargydy aldy. Kompaniýa her müşderiden $99 ýa-da 7350 rupiýa möçberinde girew alyp, beta-synag döwründe maglumatlary ibermegiň tizligini sekuntda 50-den 150 megabit aralygynda üpjün edýändigini nygtaýar.

Oktýabr aýynda ABŞ-nyň Starlink we Amazon kompaniýalary Hindistana hemra arkaly giň zolakly aragatnaşygy döretmekde kömek bermegi teklip etdiler.

Amazon Kuiper taslamasy arkaly Hindistanda hemra internet hyzmatlaryny döretmäge maýa goýmak isleýär. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi kompaniýanyň ýolbaşçysy Jeff Bezosa Hindistanyň internet söwdasynyň ep-esli bölegine gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....