Göwrümi 500 TB bolan kompakt disk döredildi

  • 31.10.2021 23:19
  • 7.5k+

Angliýanyň Sauthempton uniwersitetiniň alymlary diametri 127 mm we galyňlygy 4 mm bolan "bäş ölçegli" kwars aýna diskini döretdiler. Hünärmenler, diske 500 TB maglumat ýazmaga mümkinçilik berýän täze usuly teklip etdiler. Bu barada msn.com habar berdi.

Alymlar şeýle diskiň maglumatlary 14 milliard ýyllap saklap biljekdigini, munuň bolsa tutuş älemiň 13,8 milliard ýyllyk ýaşyndan hem has uzyndygyny habar berdiler. 5D-ýazgynyň täze usuly kwars aýnasynyň ýüzünden lazer mikro impulslaryny geçirmekden ybaratdyr. Olaryň kömegi bilen ýazgynyň berkligi ýokarlanýar. Häzirki wagtda alymlar 500 TB maglumaty ýazmagy başardylar.

Teklip edilýän usul diskleriň üstünde “bäş ölçeg” döredýär: disk ýazylanda, lazer impulslary onda dürli görnüşli iri mikrokristallary döredýär; her mikrokristalyň göwrümi, şeýle hem okalanda ondan gaýdýan ýagtylyk impulsynyň güýji we polýarizasiýasy hem şol "bäş ölçegi" emele getirýär.

Alymlaryň pikiriçe, beýle diskler kitaphanalar, muzeýler, arhiw hyzmatlary, döwlet guramalary, hususy kompaniýalar we umuman alanyňda, möhüm maglumatlary ygtybarly saklamak bilen gyzyklanýan ähli ulanyjylar üçin zerurdyr.


şu gün 20:00
116

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 19:44
84

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

şu gün 17:07
386

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......