+23-den -4 gradusa çenli: Türkmenistanda geljek hepdäniň howa maglumaty

  • 31.10.2021 20:16
  • 18k+

Geljek hepde Türkmenistanyň çäginde güneşli hem maýyl günleriň bolşy ýaly, ýagynly hem sowuk günler bolar. Gidrometeorologlaryň çaklamalaryna görä, hepdäniň birinji ýarymy maýyl bolup, howa penşenbeden sowap başlar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni +17 gradus bolar. Sişenbede +19 gradus, çarşenbede bolsa +20-ä ýeter, az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Penşenbe güni termometriň görkezijisi +13 gradusa çenli aşak düşüp, düýpli ygalyň düşmegine garaşylýar. Anna güni +8 gradus bolar. Şenbede bolsa gündiz +5 gradusa çenli sowap, 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda ilkinji gezek gijesine -1 gradus bolar. Ýekşenbe güni +8 gradus bolar.

Balkan welaýatynda duşenbeden çarşenbä çenli +20 gradus bolar. Sişenbe güni az-kem ýagyş ýagmagy ahmal. Penşenbe güni howanyň temperaturasy +17 gradusa, anna güni bolsa +12 gradusa düşer. Dynç günlerinde termometriň görkezijisi şenbe güni +7 gradus, ýekşenbe güni +9 gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda hepdäniň başynda +15 gradus bolar. Çarşenbe güni +18 gradusa çenli maýlar. Penşenbeden howanyň sowap başlamagyna — gündizine +7 gradus we gijesine -1 gradus bolmagyna garaşylýar. Annada we şenbede gündizine 4-5 gradus  maýyl bolup, gijesine -4 gradus bolar. Ýekşenbe güni az-kem maýlap, gündizine +8 gradus we gijesine -3 gradus bolar.

Mary welaýatynda duşenbeden çarşenbä çenli howa +18 gradusdan +23-e barar. Penşenbeden başlap welaýata az-kem ýagyş bilen +17 gradusa çenli sowuk howa aralaşar. Anna güni howanyň gündizine +7 gradusa düşüp, gijesine 0 gradus bolmagyna garaşylýar. Dynç günlerinde +7 gradus bolar.

Lebap welaýatynda duşenbede +17 gradusdan çarşenbede +21 gradusa çenli maýyl bolar. Penşenbe güni welaýata az-kem ýagyş bilen +13 gradusa çenli sowuk howa aralaşar. Anna güni gündizine +7 gradus, gijesine -2 gradus bolar. Şenbe güni gündizine +9 gradus, gijesine -2 gradus bolar. Ýekşenbe güni bolsa, gündizine +8 gradus, gijesine 0 gradus bolar.


düýn 09:43
7.4k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

27.04.2026 10:50
13k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

06.04.2026 11:49
19k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....