Eýran Türkmenistana gaz bergisini berip, onuň eksportyny dikeltmek isleýär

  • 29.10.2021 17:09
  • 12k+

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistana bolan tebigy gaz bergisini üzmegi meýilleşdirýär diýip, EYR-niň nebit ministri Jawad Owji aýtdy. Bu barada Shana eýran habarlar agentligi habar berýär. Bu barada Owji Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygyndan soňra habarçylara beren beýanatynda belläp geçdi.

Owji Eýranyň ozal Türkmenistandan 2 ylalaşyk esasynda her gün 40 million kubmetr tebigy gaz satyn alandygyny belledi.
Ministriň belleýşi ýaly, türkmen gazynyň Eýrana eksporty ýurduň ozalky Hökümeti wagtynda alnan gaz üçin Türkmenistana töleg edilmänligi sebäpli bes edildi. Şonuň üçin hem bu mesele Halkara arbitraž kazyýete geçirildi, kazyýet Eýranyň bergisiniň anyk möçberini kesgitledi.
Owji Eýranyň Türkmenistana bolan bergisini üzmek babatda gepleşikleriň geçirilendigini we ýurduň häzirki Prezidenti Ebrahim Raisiniň hökümetiniň bu bergini üzmek boýunça degişli karara gelendigini belledi.

– Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda Eýranyň milli gaz kompaniýasy hem-de Merkezi bankynyň hünärmenleriniň derejesinde ýakyn wagtda gepleşikler dowam etdiriler. Türkmen tarapynyň bergisini düzgünleşdirmek boýunça oňyn çözgütler kabul ediler – diýip, ministr belledi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Täjigistanyň paýtagtynda ŞHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçiren duşuşygynda gaz meselesini çözmegi ylalaşdylar.


08.06.2026 19:01
4.1k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...