Stambulda Türkmenistan bilen dostluk we hyzmatdaşlyk assosiasiýasy açyldy

  • 28.10.2021 13:30
  • 7.7k+

Ýakynda Stambulda Türkmenistan bilen dostluk, kömek we hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu gurama Türkiýäniň raýaty, wezipesinden giden polisiýa işgäri Ýesugaý Aksakal ýolbaşçy boldy. Onuň aýtmagyna görä, birleşigiň esasy maksady dürli derejedäki döwletara gatnaşyklary giňeltmekdir diýip, TRT AVAZ teleýaýlymy habar berýär.

Guramanyň resmi ady – Türkmenistan Dostluk Yardımlaşma ve İşbirliği Derneği (TDYID). Assosiasiýanyň ýolbaşçysy TDYID-niň wekilleriniň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady, sosial we medeni hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigini belledi. 

Aksakal häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynda köp sanly türkmen raýatynyň ýaşaýandygyny sözüniň üstüne goşdy. Ol guramanyň, hususan-da sosial ulgamlaryň üsti bilen Türkmenistanyň imijini ýokarlandyrmaga üns berjekdigini hem belledi. 

TDYID-niň prezidenti Merkezi Aziýa ýurdunyň hemişe parahatçylygyň tarapynda durandygyny we 1995-nji ýyldan bäri bitaraplyk syýasatyny alyp barýandygyny belläp geçdi. Mundan başga-da, bu döwlet SSSR dargandan soň, daşary ýurt kömegi bolmazdan durnuklylygy saklamagy başardy diýip, birleşigiň ýolbaşçysy sözüniň üstüni ýetirdi. 


düýn 14:40
1.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

düýn 11:47
6.9k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 18:04
2.3k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.4k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......