Raşid Meredow Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen duşuşdy

  • 27.10.2021 14:03
  • 6.4k+

26-28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýar. Saparyň ilkinji güni Raşid Meredow Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi tarapyndan kabul edildi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Türkmenistan bilen Eýranyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýedigini belläp, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Sebit we halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljekde has-da işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma bildirip, taraplar Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Liderleriniň 15-nji ýokary derejeli duşuşygyna görülýän taýýarlyklara aýratyn üns çekdiler.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......