Gazagystanyň Prezidenti Tokaýewiň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

  • 26.10.2021 16:15
  • 8.4k+

Türkmenistana döwlet saparynyň jemleýji gününde Prezident Kasym-Žomart Tokaýew “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy.

Bu ýerde Gazagystan Respublikasynyň Baştutany milli gahrymanlar — merdana Watan goragçylary baradaky hakydany ebedileşdiren “Baky şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýdy. Gazagystanyň Lideri ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşen “Watan mukaddesligi” muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, Garaşsyzlyk binasynyň Hormatly myhmanlar seýilbagynda goňşy döwletiň Baştutany mizemez türkmen-gazak dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.
Şol gün belent mertebeli myhman döwlet Baştutanymyza gazak halkynyň adyndan dost-doganlygyň nyşany hökmünde Gazagystanda öndürilen awtobusy sowgat berdi.
Agşam hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi.
Gazagystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistana döwlet saparyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....