Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanyldy

  • 26.10.2021 12:51
  • 4.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýew Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanyldy.

Sylaglamak dabarasy iki ýurduň Liderleriniň arasynda Aşgabatda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasynda bellenilişi ýaly, bu orden Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginde, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup gowşuryldy.


şu gün 07:42
157

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......