Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi žurnalistleri Aşgabatda geçiriljek iri çäreler bilen tanyşdyrdy

  • 21.10.2021 10:56
  • 6.6k+

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we baky Bitaraplygynyň şanly seneleri mynasybetli guralan «tegelek stol» maslahaty dostlukly ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň köp sanlysyny bir ýere jemledi. Türkmenistanyň Eýrandaky doly ygtyýarly wekili öz çykyşynda žurnalistleri ýakynda ýurdumyzda geçiriljek iri halkara derejeli çärelere görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrdy. 

Ilçi Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýyllarynda gazanan üstünlikleri, şol sanda milli Liderimiziň daşary syýasatda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň many-mazmuny barada aýdyp, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek çäreler — Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV ýubileý sammiti barada giňişleýin durup geçdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen guraljak bu ýokary derejeli çäreler sebit we yklym derejesindäki özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha bermekde, geljek üçin anyk ugurlary kesgitlemekde nobatdaky mümkinçilik bolar. 


düýn 18:57
1.4k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
995

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......