Berdimuhamedow GDA-nyň Prezidentleriniň onlaýn sammitine gatnaşdy

  • 16.10.2021 09:13
  • 8.1k+

15-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mejlisi geçirildi. Oňa GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylary, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew gatnaşdylar. Mejlise türkmen Lideri hem gatnaşyp, çykyş etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda gatnaşyjylary GDA-nyň 30 ýyllyk ýubileýi bilen gutlap, “Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmäge ählitaraplaýyn taýýardyr. Şu günki günde Arkalaşyk öz işjeňligini, howplary we gapma-garşylyklary jogapkärçilikli ýollar bilen ýeňip geçmegi başarýandygyny subut edýär hem-de döwletara gatnaşyklaryň wajyp guraly bolup hyzmat edýär” diýip belledi.

GDA-nyň ykdysady ugurlarynyň we gyzyklanmalarynyň Arkalaşygyň geografik çäklerinden daşary öňe sürülmeginiň hem-de ýanaşyk ýurtlaryň, goňşy sebitleriň bilelikdäki taslamalaryna integrirlenmeginiň wajyplygyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti, bu, ilkinji nobatda, ulag-üstaşyr infrastrukturany döretmäge, energogöterijileriň üpjünçiligini işjeňleşdirmäge we giňeltmäge, aragatnaşygyň we kommunikasiýalaryň täze ugurlarynyň çekilmegine degişlidir diýip belledi.

Gatnaşyjylar şu ýyl Arkalaşykda başlyklygy üstünlikli ýerine ýetirýändigi üçin Belarus Respublikasyna minnetdarlyk bildirdiler hem-de 2022-nji ýylda başlyklygyň Gazagystan Respublikasyna geçýändigini hoşallyk bilen kabul etdiler.

Türkmen tarapy GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň “2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda”, “GDA-nyň 30 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”, “Biologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”, “Moldowa Respublikasynyň Komrat şäheriniň 2023-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi hakynda” çözgütlerine gol çekdi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......