Raşid Meredow Nur-Sultanda hindistanly kärdeşi bilen gepleşik geçirdi

  • 13.10.2021 10:51
  • 5.7k+

11-nji oktýabrda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistanyň daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ileri tutulýan ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has hem pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.   

Häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň netijeliligini nygtamak bilen, diplomatlar iki ýurduň sebit we halkara derejelerindäki özara hereketleriniň hem önjeýliligini bellediler. Hususan-da, Türkmenistanyň we Hindistanyň abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklarynyň işjeň häsiýeti nygtalyp, Merkezi Aziýa – Hindistan dialogynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. 


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......