10-njy oktýabrda Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara ylmy maslahat şolaryň esasylarynyň biri boldy.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirilen foruma saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Olara sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň birnäçesinden — Russiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Rumyniýadan tanymal alym-professorlar, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ýokary wezipeli wekilleri goşuldylar.
Forumyň işine başlamagynyň öň ýanynda Türkmenistany sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmäge, ýurdumyzyň baş baýlygyny artdyrmaga — adam saglygyny üpjün etmäge uly goşant goşan saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň bir toparyny sylaglamak dabarasy boldy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna we Kararyna hem-de beren tabşyrygyna laýyklykda, olar döwlet sylaglary we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglanyldy. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanynyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 13-nji jildi gowşuryldy.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň, şol sanda dünýä lukmançylygynyň iň gowy tejribelerini we täze işlerini nazara almak bilen, ony has-da giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra halkara ylmy maslahatyň işi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda — Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynda, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýünde, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde dowam etdi. Şolarda geçirilen bölümçeler boýunça maslahatlaryň mowzuklary “Ýokanç keseller”, “Ýokanç däl keseller”, “Enäniň we çaganyň saglygyny goramak”, “Hirurgiýa keselleri”, “Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa” diýlip atlandyryldy.