Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi

  • 10.10.2021 15:57
  • 9k+

9-njy oktýabrda «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň çäginde guralan Türkmenistanyň milli gününiň açylyşyndan soňra, türkmen Lideri serginiň Baş kabul ediş merkezinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen gepleşik geçirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek esasynda ýola goýulýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlarynda, hususan-da, iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine gönükdirilen ykdysadyýet, maýa goýum hem-de ösüş ugurlarynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň giň toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekildi.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....