Berdimuhamedow «EKSPO-2020» sergisinde Türkmenistanyň milli gününiň açylyşyna gatnaşdy

  • 10.10.2021 15:39
  • 10k+

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «EKSPO-2020» sergisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkeziniň «Al Wasl» meýdançasynda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen, Türkmenistanyň milli güni dabaraly ýagdaýda açyldy. Açylyş dabarasyna BAE-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň Baş direktory Rimal Al Haşemi hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýokary wezipeli adamlary bilen bilelikde, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda gazanan üstünliklerini giňişleýin açyp görkezýän türkmen pawilýonyny gözden geçirdi. «Ykjamlyk» bölüminde ýer alan Türkmenistanyň milli pawilýony «EKSPO-2020» sergisine gatnaşýan pawilýonlardan özboluşly tapawutlanmak bilen, ol «Ahalteke bedewleri bilen medeniýete syýahat» şygary astynda geçýär.

Milli pawilýon bilen tanyşlyk wagtynda bu ýere ýygnananlara Türkmenistanyň ulag, gurluşyk, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlarynda ýeten belent sepgitlerini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ösüşiniň öňdebaryjy ugurlaryny beýan edýän sergi pawilýonyna baryp, dostlukly döwletiň sergi bölümi bilen tanyşdy.


düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....