9 aýda Türkmenistanda döwlete degişli desgalaryň 81-si hususylaşdyryldy

  • 09.10.2021 14:10
  • 7.8k+

Türkmenistanda geçen dokuz aýda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 81-si hususylaşdyryldy we Döwlet býujetine 368 million 356 müň 908 manat geçirildi, döwlet eýeçiligindäki desgalaryň kärendesi üçin 146 million 969 müň 200 manat alyndy. Bu barada Hökümetiň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisinde maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow habar berdi.

Ministr şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 109,2 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 98,1 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. 2021-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerli býujetiň girdeji bölegi 102,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,9 göterim berjaý edildi.

Dokuz aýda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 81-si hususylaşdyryldy we Döwlet býujetine 368 million 356 müň 908 manat geçirildi, döwlet eýeçiligindäki desgalaryň kärendesi üçin 146 million 969 müň 200 manat alyndy.

Üç çärýegiň netijeleri boýunça milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň mukdarynyň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 16,2 göterime deň bolandygyny aýdyp, ministr dokuz aýda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 49,2 göteriminiň önümçilik toplumlarynyň, 50,8 göteriminiň bolsa durmuş-medeni maksatly desgalaryň bina edilmegine gönükdirilendigini habar berdi.

Şeýle hem milli maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Şu döwürde düýpli maýa goýumlaryň 1 milliard 764 million 389 müň manatlygy özleşdirildi.

Türkmen Lideri her bir ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysynyň geljek ýyl üçin iş maksatnamasyny Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde doly esaslandyrmalydygyny aýdyp, ýylyň ahyryna çenli edaralaryň arasynda özara hasaplaşyklary geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.


düýn 17:31
1.3k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....