Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe ýolbaşçylaryň işine nägilelik bildirdi we berk käýinç berdi

  • 09.10.2021 09:37
  • 23k+

8-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti käbir ýolbaşçylara işde goýberen kemçilikleri üçin degişli duýduryş çärelerini görmek hakynda Buýruklara gol çekdi.

Resminamalara laýyklykda:

  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işinde görkezijileriň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Purçekow Çarymyrat Hywaliýewiçe;
  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, soňky gezek duýdurmak şerti bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe;
  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmedowa Mährijemal Mekandurdyýewna;
  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Aşyrow Arslan Gurbanmämmedowiçe;
  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, soňky gezek duýdurmak şerti bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Gurbanow Ýazmuhammede berk käýinç yglan edildi.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....