Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

  • 08.10.2021 09:30
  • 3.7k+

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçiniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmek onuň üçin uly hormatdyr. Türkmenistan bilen Ermenistany soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan, öňden gelýän dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şunda sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge hemişe gyzyklanma bildirilýändigi tassyklandy.

Türkmen Lideri diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän, däp bolan türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrundaky işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar giň gerimli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny nygtadylar.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......