Türkmen-özbek söwda dolanyşygy ýylyň başyndan bäri 25% ýokarlanyp, 400 million dollardan geçdi

  • 06.10.2021 07:49
  • 4.9k+

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda Daşkentde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda soňky dört ýylda türkmen-özbek özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň üç esse artandygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasynda şu ýylyň başyndan bäri söwda dolanyşygynyň möçberi 25 göterim ýokarlanyp, 400 million dollardan geçdi.

Ýokary derejeli duşuşykda 14-nji sentýabrda geçirilen Bilelikdäki hökümetara toparyň 16-njy mejlisiniň, şeýle hem 4-nji oktýabrda Daşkentde geçirilen Türkmen-özbek ykdysady forumynyň netijeleriniň özara bähbitli söwda- ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigi aýdyldy. Şunda iki ýurduň goňşy sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýetleri şu ýylyň 22-nji sentýabrynda degişlilikde, Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynda gulluk iş saparynda boldy. Şundan ugur alyp, türkmen hem-de özbek Liderleri şeýle görnüşdäki yzygiderli duşuşyklaryň iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi hem-de ysnyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.

 Şeýle hem taraplar suw hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyga ünsi çekip, sebit we halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.


şu gün 11:05
680

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.4k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......