Türkmen-özbek gepleşikleriniň jemi boýunça 23 ylalaşyk baglaşyldy. Olar haýsylar?

  • 06.10.2021 07:37
  • 14k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşkende nobatdaky resmi saparynyň çäklerinde ýokary derejeli gepleşikler tamamlanandan soňra, iki ýurduň ministrlikleriniň, sebitleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminamalar bukjasy 23 sany ylalaşykdan ybarat boldy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň president.uz saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana nobatdaky resmi saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen 23 sany resminama ulag-aragatnaşyk, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, howpsuzlyk we jemgyýetçilik goraglylygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ine, şol resminamalaryň sanawy:

  • Goňşy sebitlerde Söwda merkeziniň döredilmegini göz öňünde tutýan özbek-türkmen serhet söwda zolagynyň işini döretmek we düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyk;
  • Söwdanyň möçberini ýokarlandyrmak we kärhanalar bilen kompaniýalaryň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda Ylalaşyk;
  • Gümrük serhedinden daşalýan harytlar we ulaglar barada deslapky maglumatlaryň alyş-çalşygyny guramak hakynda Teswirnama;
  • Işewür toparlaryň wekilleri üçin wiza amallaryny ýeňilleşdirmek hakynda Ylalaşyk;
  • Raýatlaryň özara syýahatlary barada 2004-nji ýylyň 19-njy noýabrynda tassyklanan Ylalaşyga üýtgetme girizmek hakynda Teswirnama;
  • Raýatlaryň özara syýahatlary hakynda Teswirnama;
  • Iki ýurduň Adalat ministrlikleri we Ylymlar akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
  • 2024-nji ýyla çenli medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň  Maksatnamasy;
  • Biologik köpdürlüligi goramak hakynda Ylalaşyk;
  • 2025-nji ýyla çenli goşmaça karantin çäreleri we ösümlikleri goramak hakynda Meýilnama;
  • Mineral dökünler, oba hojalyk tehnikalary we energetika ulgamynda Ykdysady ylalaşyk;
  • Himiýa senagaty boýunça Ähtnama;
  • Maýa goýum hyzmatdaşlygy we harytlaryň özara söwdasy hakynda Ähtnama;
  • Metrologiýa ulgamynda Ähtnama;
  • Statistika we iş bilen üpjünçilik ulgamynda Ähtnama;
  • Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
  • Demir ýol edaralarynyň arasynda üstaşyr ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda Ähtnama;
  • Maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
  • Gurlan — Daşoguz geçiriş nokadyny işe girizmek hakynda Teswirnama.

düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......