Türkmen we özbek Liderleri ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdiler

  • 06.10.2021 07:27
  • 5.9k+

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşkent şäherine resmi saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi. Özbek Lideri bu duşuşygy “taryhy we ähmiýetli waka” hökmünde häsiýetlendirdi.

Duşuşygyň dowamynda Prezidentler köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategiki hyzmatdaşlyk, özara ynanyşmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdiler. Liderler köptaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we işjeň syýasy dialogyň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn üns berdiler.

Soňra Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy iki ýurduň resmi wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Gepleşikleriň barşynda döwlet Baştutanlary soňky ýyllarda özara söwdanyň depgininiň ösüşini kanagatlanma bilen nygtap, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ähli bar bolan çeşmeleri we mümkinçilikleri işe girizmek barada ylalaşdylar.

Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagy tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşiniň girewi bolup durýandygy bellenildi.

Suw hojalygy ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem ýokary baha berildi. Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisiniň üstünlikli  geçirilendigi nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Mundan başga-da, ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-den gowragyna gol çekildi.


şu gün 16:30
369

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
596

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......