Türkmenistanyň Prezidenti: Wladimir Wladimirowiç beýik adam, sada häsiýetli, giň göwünli

  • 04.10.2021 12:58
  • 28k+

TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman eksklýuziw interwýunyň dowamynda türkmen Lideriniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen şahsy gatnaşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlyga ýetirýän täsiri barada gyzyklandy.

Žurnalistiň: «Syýasy sözlükde “personal chemistry” — «şahsy ynanyşyk» diýen adalga bar. Iki döwletiň Liderleriniň özara gatnaşyklaryny synlanyňda, biziň Prezidentimiz bilen Siziň şahsy gatnaşyklaryňyza has köpräk orun berilýär diýen pikir döreýär we şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen emele gelen gatnaşyklara nähili baha berýärsiňiz?» diýip beren sowalyna:

— Men bu gatnaşyklara doly özara ynanyşmak, açyk, dostluk gatnaşyklary hökmünde baha berýärin, şunda ol örän anyk hem-de ahyrky netijä gönükdirilendir. Biziň ilkinji tanyşlygymyz haçanda men heniz wise-premýer wezipesinde işleýärkäm bolupdy we Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň birinde onuň ýanynda boldum. Ýalňyşmaýan bolsam, şol duşuşyk 2002-nji ýylda bolupdy. Şunlukda, biz eýýäm 20 ýyla golaý wagt bäri tanyşdyrys, hemme ugurlar boýunça hemişe ak ýürekli, göni hem-de açyk hyzmatdaşlyk edýäris — diýip jogap bermek bilen: «Meniň pikirimçe, Wladimir Wladimirowiç beýik adam, ol sada häsiýetli hem-de giň göwünli. Şeýle adam bilen söhbetdeş bolmak hemişe örän ýakymly. Biz Russiýanyň Prezidenti bilen yzygiderli ýagdaýda ýüzbe-ýüz, telefon arkaly söhbetdeş bolýarys, pikir alyşýarys, halkara syýasatyň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça maslahat edýäris. Her gezek hem men onuň bilelikde netijeli işlemäge gyzyklanmasyny, Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, biziň ýurdumyza, saýlap alan ýolumyza hormat goýýandygyny duýýaryn» diýip, russiýaly kärdeşi bilen hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilendigini nygtady.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......