Berdimuhamedow: GDA «ylalaşykly aýrylyşmak» wezipesini ýerine ýetirdi

  • 04.10.2021 12:54
  • 8.5k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmana interwýu berdi. 4-nji oktýabrda bolsa Türkmenistanyň merkezi neşirlerinde bu söhbetdeşligiň mazmuny giňişleýin köpçülige ýetirildi. Biz türkmen Lideriniň russiýaly žurnaliste beren jogaplaryny aýry-aýrylykda okyjylarymyza ýetirýäris.

Mihail Gusmanyň: «Siz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 30 ýylda geçen ýoluna nähili baha berýärsiňiz, Arkalaşygyň Türkmenistan üçin ähmiýeti nähili, Siz bu guramadan nämä garaşýarsyňyz hem-de Arkalaşygyň geljegine nähili garaýarsyňyz?» diýip beren sowalyna türkmen Lideri şeýle jogap berdi:

 Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy 1991-nji ýylyň ahyrynda, Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen baglanyşykly wakalara jogap hökmünde esaslandyryldy. Ol çylşyrymly döwür boldy, öňki respublikalaryň arasyndaky gatnaşyklarda köp babatda düşünişmezlik galypdy, kadalaşdyrylmandy. Syýasy-hukuk, maliýe, emläk we köp sanly beýleki meseleler örboýuna galdy. Şonda GDA, şol döwürde aýdylyşy ýaly, “ylalaşykly aýrylyşmagyň” wezipesini ýerine ýetirdi. Emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary hasaba almak bilen, käbir kemçiliklere garamazdan, bu wezipe ýerine ýetirildi. Emma şondan soňra hem Arkalaşyk öz işini dowam etdirdi. Geçen 30 ýylyň dowamynda bu gurama syýasy we ykdysady taýdan has berkedi, netijeli we durmuşa ukyply bileleşik hökmünde özüni görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Arkalaşygyň çägindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ünsi çekip: «Biziň pikirimizçe, şunda gürrüň, ozaly bilen, gatnaşyjy ýurtlaryň senagat, maýa goýum, innowasiýa babatda ösüşini çaltlandyrmak, Arkalaşygyň çäklerinde döwrebap, köp şahaly ulag-logistika ulgamyny döretmek, GDA-nyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglaşdyryjy giňişlik hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy, biziň ýurtlarymyzyň goňşy ýurtlarda desgalaryň we beýleki düzümleriň gurluşygyna işjeň gatnaşmagy üçin GDA-nyň bilelikdäki ykdysady mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak barada barýar. Geçen ýyl GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli Ykdysady ösüş strategiýasynyň kabul edilmegi bu wezipeleri hem-de oňa ýetmegiň ýollaryny anyklaşdyrdy.

Umuman, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň häzirki wagtdaky hyzmatdaşlygyna dürli derejelerde hem-de görnüşlerde oňyn işjeň ýagdaý mahsusdyr. Bu gün biziň gatnaşyklarymyz örän açykdyr, iş ýüzünde netijelilige gönükdirilendir, adamlaryň hakyky zerurlyklaryna we isleglerine kybap gelýändir. Bu bolsa GDA-nyň güýçli tarapydyr hem-de Türkmenistan bu bileleşigiň çäklerinde hyzmatdaşlyga berk ygrarlydyr» diýip belledi.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......