«EKSPO — 2020»: Türkmenistanyň milli gününde ýokary derejeli duşuşyklar geçiriler, resminamalara gol çekiler

  • 02.10.2021 13:45
  • 4.6k+

Häzirki wagtda «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli gününi geçirmäge taýýarlyk görülýär. TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, ol 9-njy oktýabrda geçiriler. Bu barada Hökümetiň nobatdaky mejlisinde türkmen Liderine habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň hasabatyna görä,  Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guraljak Türkmenistanyň milli gününde BAE-niň wekilleri bilen ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem milli serginiň çäklerinde ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde häzir Türkmenistanda ykdysady ösüşiň milli nusgasy döredildi. Ol türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün edip, ýurdumyza dünýäniň ykdysady taýdan ösen we syýasy taýdan durnukly döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýelemegine mümkinçilik berdi diýip belledi.

Türkmen Lideri «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagyň möhümdigi barada aýdyp, şeýle çäreleriň türkmen döwletiniň gazananlaryny, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny dünýä görkezmek, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri çözmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny, şeýle forumlaryň anyk netijeleri gazanmagy ugur edinmelidigini aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, şeýle hem onuň çäklerinde geçiriljek işewür duşuşyklaryň we gepleşikleriň iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......