Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Özbegistanyň ugurdaş kärhanalarynyň 2-si bilen ylalaşyk baglaşar

  • 02.10.2021 09:52
  • 6.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine:

  • 2022-2023-nji ýyllarda oba hojalyk gurallaryny hem-de traktor tirkeglerini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga;
  • 2022 — 2026-njy ýyllar aralygynda bugdaýyň haşal otlaryna we kesellerine hem-de gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Ifoda Agro Kimyo Himoya” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......