Türkmenistanyň Prezidenti 4-5-nji oktýabrda Özbegistanda resmi saparda bolar

  • 02.10.2021 09:30
  • 8.7k+

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti 4-5-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda saparda bolar. Resmi sapara görülýän taýýarlyk barada Hökümetiň 1-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer Raşid Meredow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iki ýurduň daşary syýasat edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň garamagyna degişli Maksatnamanyň taslamasy hödürlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini belledi. Döwlet Baştutany şeýle hem ýylsaýyn täze, anyk mazmuna eýe bolýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň sebitleriniň derejesinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin hem uly mümkinçilikler açylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Özbegistan Respublikasyna boljak resmi sapara hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çärelere taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy. Türkmenistan we Özbegistan syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Häzir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny 221 sany resminama düzýär. 2007 — 2021-nji ýyllarda iki ýurda ýokary derejede jemi 23 sany döwlet, resmi we iş saparlary amala aşyryldy.

Türkmenistan we Özbegistan medeni-ynsanperwer ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurda dürli çäreler, şol sanda iki ýurduň Medeniýet günleri yzygiderli guralýar. Şol günlerde Özbegistanda Türkmenistanyň kino günleri geçirilýär.


şu gün 16:30
247

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
504

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.5k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......