Halk Maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentarileriniň maslahatyna wideoýüzlenme ugratdy

  • 02.10.2021 13:24
  • 4k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilen günlerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihalk ýygnagynyň guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň wekilleriniň sanly ulgam arkaly maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň adyndan hem wideoýüzlenme ugradyldy. Bu barada Hökümetiň 1-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew habar berdi.

Şeýle hem K.Babaýew Mejlis, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça geçirilen işler barada maglumat berdi.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilen günlerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihalk ýygnagynyň guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň wekilleriniň sanly ulgam arkaly maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň adyndan hem wideoýüzlenme ugradyldy.

Döwlet Baştutany Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň döwletiň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, raýat edaralaryny we demokratik gymmatlyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işiniň wajypdygyny belläp, ähli kanunçykaryjylyk işiniň jemgyýetiň jana-jan bähbitlerine hyzmat etmelidigini nygtady.


düýn 11:16
1.6k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

01.06.2026 16:11
1.7k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

01.06.2026 14:36
2.9k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

01.06.2026 14:04
2.8k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......