«EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony öz işine başlady

  • 01.10.2021 12:06
  • 10k+

«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda Türkmenistanyň milli pawilýony öz işine başlady. 

Bu çäräniň möhüm ähmiýeti barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdylýar. Gutlagda bellenilişi ýaly, ata Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýokary senagat we intellektual mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan barada, döwletimiziň ösüşi, ygtybarlylygy hakynda anyk düşünjeleri emele getirmekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giň gerim bilen bellenilýän döwründe geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde guralan Türkmenistanyň milli pawilýony bu gün gapysyny giňden açýar. Onda berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy, asuda, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň waspy hem-de eşretli durmuşy we ösüşli geljegi nazarlaýan belent maksatlarymyz öz beýanyny tapýar - diýip Prezident belleýär.

Mälim bolşy ýaly, BAE-niň Dubaý şäherinde 1-nji oktýabrda işe başlan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi 6 aýlap dowam eder. Oňa dünýä döwletleriniň 190-dan gowragy, şol sanda Türkmenistan hem öz milli pawilýony bilen gatnaşýar. Biz ýurdumyzyň milli pawilýonynyň mowzugy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylýar. 9-njy oktýabrda bu serginiň çäklerinde Türkmenistanyň milli güni geçiriler.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......