Türkmenistanyň Prezidenti «EKSPO — 2020» sergisiniň açylyşyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

  • 01.10.2021 11:51
  • 8.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara Gutlag hatyny ýollady. «Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giň gerim bilen bellenilýän döwründe geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde guralan Türkmenistanyň milli pawilýony bu gün gapysyny giňden açýar. Onda berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy, asuda, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň waspy hem-de eşretli durmuşy we ösüşli geljegi nazarlaýan belent maksatlarymyz öz beýanyny tapýar» diýlip bellenilýär.

«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda geçirilmeginde çuňňur many-mazmun bar. Bu şygar häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde ähli ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge çagyrýan şygar bolup ýaňlanýar. Şundan ugur alnyp, Bütindünýä sergä gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipler hödürlener. Şol teklipleriň bolsa halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn –diýlip, Gutlag hatynda Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine doly derejede goşulyşmak ugruna eýermek bilen, Halkara sergiler edarasynyň howandarlygynda geçirilýän Bütindünýä EKSPO sergilerine üstünlikli gatnaşyp gelýändigi aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, BAE-niň Dubaý şäherinde 1-nji oktýabrda işe başlaýan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi 6 aýlap dowam eder. Oňa dünýä döwletleriniň 190-dan gowragy, şol sanda Türkmenistan hem öz milli pawilýony bilen gatnaşýar. Biz ýurdumyzyň milli pawilýonynyň mowzugy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylýar. 9-njy oktýabrda bu serginiň çäklerinde Türkmenistanyň milli güni geçiriler.


düýn 19:08
6k+

Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyla at bermek we onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy

31-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanyň kabul edilýändigini aýtdy...

düýn 15:01
1.9k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar...

düýn 14:53
873

Türkmenistan Serbiýa bilen gatnaşyklary berkitmek we «EKSPO-2027-ä» gatnaşmak meselelerini maslahatlaşdy

30-njy oktýabrda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, serbiýa tarapyna bu ýurduň daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdiler...