Türkmenistanyň Prezidenti «EKSPO — 2020» sergisiniň açylyşyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

  • 01.10.2021 11:51
  • 8.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara Gutlag hatyny ýollady. «Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giň gerim bilen bellenilýän döwründe geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde guralan Türkmenistanyň milli pawilýony bu gün gapysyny giňden açýar. Onda berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy, asuda, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň waspy hem-de eşretli durmuşy we ösüşli geljegi nazarlaýan belent maksatlarymyz öz beýanyny tapýar» diýlip bellenilýär.

«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda geçirilmeginde çuňňur many-mazmun bar. Bu şygar häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde ähli ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge çagyrýan şygar bolup ýaňlanýar. Şundan ugur alnyp, Bütindünýä sergä gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipler hödürlener. Şol teklipleriň bolsa halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn –diýlip, Gutlag hatynda Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine doly derejede goşulyşmak ugruna eýermek bilen, Halkara sergiler edarasynyň howandarlygynda geçirilýän Bütindünýä EKSPO sergilerine üstünlikli gatnaşyp gelýändigi aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, BAE-niň Dubaý şäherinde 1-nji oktýabrda işe başlaýan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi 6 aýlap dowam eder. Oňa dünýä döwletleriniň 190-dan gowragy, şol sanda Türkmenistan hem öz milli pawilýony bilen gatnaşýar. Biz ýurdumyzyň milli pawilýonynyň mowzugy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylýar. 9-njy oktýabrda bu serginiň çäklerinde Türkmenistanyň milli güni geçiriler.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......