Dubaýda Expo 2020 bütindünýä sergisi açyldy

  • 01.10.2021 09:18
  • 4.4k+

Dubaýda penşenbe güni agşam Expo 2020 bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasy başlandy. Täze görnüşli koronawirus sebäpli bir ýyl yza süýşürilen global çäre pandemiýa başlany bäri iň uly global waka öwrülmeli. Ol “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” şygary bilen geçirilýär diýip, TASS habar berýär.

Açylyş dabarasy Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) 430-dan gowrak ýerinde göni ýaýlymda görkezilýär. Howa menzillerinden we söwda merkezlerinden başlap, myhmanhanalara we ýurduň gözel ýerlerine çenli dürli ýerlerde ekranlar gurnaldy. 

Giň köpçülik üçin bütindünýä sergisi anna güni resmi taýdan açylar we 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder. Oňa 190-dan gowrak döwlet, şol sanda Türkmenistan şeýle-de dürli guramalar, gaznalar we bilim gurluşlary gatnaşar. Olar özleriniň ylym, tehnika, arhitektura we sungat ugurlarynda gazanan üstünliklerini görkezerler. Bütindünýä sergisine 182 iş gününiň dowamynda 25 milliona golaý myhmanyň gelmegine garaşylýar. Sergini “Döredijiligiň, innowasiýanyň, ösüşiň we medeniýetiň dabarasy” diýip atlandyran guramaçylar eýýäm günde 60-a golaý “janly wakalary” we interaktiw, şol sanda dünýä halklarynyň däp-dessurlary we adatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berjek bilim, aýdym-saz we tans şüweleňlerini göz öňünde tutýan maksatnamany işläp düzdüler. 

1851-nji ýyldan bäri geçirilýän bütindünýä sergisi her bäş ýyldan guralýar. Taryhda ilkinji gezek ol Ýakyn Gündogar, Afrika we Günorta Aziýa sebitinde geçirilýär. Expo 2025-i Osaka kabul etmäge taýýarlanýar.


20.05.2025 08:06
3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

19-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

15.05.2025 10:53
2.9k+

Türkmenistan BAE nebitgaz we himiýa ugurlary boýunça hökümetara topary döretmegi teklip etdi

14-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen duşuşdy...

15.05.2025 10:38
1.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-den gelen wekiliýeti kabul etdi

14-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýegi kabul etdi...

05.05.2025 16:12
2.7k+

Dubaý Microsoft bilen bilelikde ýarym milliard dollarlyk maglumat merkezini gurýar

Microsoft kompaniýasy bilen BAE-niň Du telekommunikasion operatory Dubaýda uly möçberli maglumat merkeziniň gurluşygyna başladylar. Taslamanyň bahasy 544 million dollar. Bu merkez Dubaýyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdaky liderligini pugtalandyrar diýip, «TechRadar» habar berýär...