Dubaýda Expo 2020 bütindünýä sergisi açyldy

  • 01.10.2021 09:18
  • 4.5k+

Dubaýda penşenbe güni agşam Expo 2020 bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasy başlandy. Täze görnüşli koronawirus sebäpli bir ýyl yza süýşürilen global çäre pandemiýa başlany bäri iň uly global waka öwrülmeli. Ol “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” şygary bilen geçirilýär diýip, TASS habar berýär.

Açylyş dabarasy Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) 430-dan gowrak ýerinde göni ýaýlymda görkezilýär. Howa menzillerinden we söwda merkezlerinden başlap, myhmanhanalara we ýurduň gözel ýerlerine çenli dürli ýerlerde ekranlar gurnaldy. 

Giň köpçülik üçin bütindünýä sergisi anna güni resmi taýdan açylar we 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder. Oňa 190-dan gowrak döwlet, şol sanda Türkmenistan şeýle-de dürli guramalar, gaznalar we bilim gurluşlary gatnaşar. Olar özleriniň ylym, tehnika, arhitektura we sungat ugurlarynda gazanan üstünliklerini görkezerler. Bütindünýä sergisine 182 iş gününiň dowamynda 25 milliona golaý myhmanyň gelmegine garaşylýar. Sergini “Döredijiligiň, innowasiýanyň, ösüşiň we medeniýetiň dabarasy” diýip atlandyran guramaçylar eýýäm günde 60-a golaý “janly wakalary” we interaktiw, şol sanda dünýä halklarynyň däp-dessurlary we adatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berjek bilim, aýdym-saz we tans şüweleňlerini göz öňünde tutýan maksatnamany işläp düzdüler. 

1851-nji ýyldan bäri geçirilýän bütindünýä sergisi her bäş ýyldan guralýar. Taryhda ilkinji gezek ol Ýakyn Gündogar, Afrika we Günorta Aziýa sebitinde geçirilýär. Expo 2025-i Osaka kabul etmäge taýýarlanýar.


29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

05.02.2026 13:15
2.5k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 13:14
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...