Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglary berildi we harby atlar dakyldy

  • 29.09.2021 08:42
  • 20k+

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda türkmen Liderine “Türkmen edermen” medaly hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly gowşuryldy.

Türkmen Lideri Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, 27-nji sentýabrda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň giň gerimli dabaralar bilen bellenilendigini aýtdy. Döwlet münberiniň häzirki zaman toplumynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň harby ýörişi geçirildi. Şeýle hem oňa zähmetde ajaýyp üstünlikler gazanan watandaşlarymyz gatnaşdylar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetildi, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty berkidildi. Milli Ýaragly Güýçlerimiziň ösdürilmegine uly üns berildi. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan ýurdumyzyň Harby doktrinasyna laýyklykda, degişli düzümleriň maddyenjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini hasda gowulandyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirildi. Döwletimiz geljekde hem bu ugurda degişli işleri geçirer diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede geçirilendigini nazara almak bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de harby gullukçylaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň döwlet sylaglary bilen sylaglanýandyklaryny aýtdy. Türkmen Lideri Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna hem-de harby gullukçylaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly bilen sylaglanylýandygyny, şeýle hem olara harby we ýörite atlaryň dakylýandygyny, hünär derejeleriniň berilýändigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa  Gurbanguly Berdimuhamedowy “Türkmen edermen” medaly hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň kabul eden kararlaryny okady we döwlet Baştutanyna degişli döwlet sylaglaryny gowşurdy.

Soňra türkmen Lideri Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medalyny gowşurdy hem-de nobatdaky harby we ýörite atlary dakdy.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny mynasyp bolan döwlet sylaglary we nobatdaky harby atlary hemde berlen hünär derejeleri bilen gutlady.


şu gün 10:54
1k+

Aşgabatda Ogulabat ejäniň el hünärine bagyşlanan sergi geçiriler

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär. Geçiriljek dabaralaryň maksatnamasy barada Ministrler Kabinetiniň anna güni bolan mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi diýip, TDH habar berýär...

düýn 18:25
2.7k+

Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

14-nji martda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär...

düýn 18:03
991

Türkmen medeniýeti Tbiliside görkezilen täze dokumental filmde öz beýanyny tapdy

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Gruziýanyň paýtagtyndaky Kino öýünde «Medeniýet dünýäni halas eder» atly täze dokumental filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bu kino eseri döwletara gatnaşyklary ösdürmekde we halklaryň arasynda özara ynamy berkitmekde medeniýetiň tutýan ornuny görkezýär...

düýn 16:57
1.2k+

Türkmenistan we Beýik Britaniýa ylym we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

Ylmy-medeni özara gatnaşyklar türkmen wekiliýetiniň Londona amala aşyran iş saparynyň dowamynda üns merkezinde duran esasy meseleleriň biri boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Uilýams bilen duşuşdy...